Nowruz ýaýlasynda gurbanlyk sadakasy berildi
Nowruz ýaýlasynda gurbanlyk sadakasy berildi

Nowruz ýaýlasynda gurbanlyk sadakasy berildi

24.08.2018 ý.
Ýurdumyzyň Nowruz ýaýlasynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasy berildi şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ ge­çir­ildi. 
Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li baý ma­ny-maz­mun­ly me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri hem-de kon­sert­ler gu­ral­ýar. Baýramçy­lyk my­na­sy­bet­li gur­na­lan be­lent hiňňil­dik­le­riň tö­we­re­gi baýramyň aýratyn bezegidir.
Nowruz ýaýlasynda gün­do­gar er­te­ki­si­ni ýat­lad­ýan tä­sin ak öý­ler guruldy. Ojak­lar­dan göteril­ýän tüs­se as­ma­na gal­yp, bu ýer­de dür­li ta­gam­lar hö­dür edil­di, şo­la­ryň hoş­boý ysy ny tö­we­re­ge ýaý­ra­dyp, owa­dan na­gyş­ly saçaklar ýa­zyl­dy. Us­sat aş­pez­ler mil­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ga­dy­my usul­la­ry­ny ele alan­dyk­la­ry­ny görkezdiler, myh­man­la­ra ta­gam­lar­dan da­dyp gör­mek hö­dür edil­di. 
Sa­da­ka be­ril­ýän ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ymamla­ry, paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ag­za­la­ry we beý­le­ki­ler ýygnandylar. 
Bu ýer­de ýur­du­my­zyň her bir we­la­ýa­ty özü­niň saz­ly-et­nog­ra­fi­ýa çy­ky­şy­ny gör­kez­di, onuň mak­sat­na­ma­sy­na halk aý­dym-saz­la­ry, ga­dy­my däp-des­sur­lar şöh­le­len­di­ril­ýän to­ma­şa­lar gi­ri­zil­di. Aý­dyň öwüş­gin­li çy­kyş­lar türkmen hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­ny, köp­ta­rap­la­ýyn dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­di. Şol wagt­da ýaş­lar mil­li oýun­la­ry hem-de de­giş­me­le­ri ýe­ri­ne ýetirdiler, şol çy­kyş­lar şa­dy­ýan we joş­gun­ly aý­dym­lar bi­len ut­gaş­dy.
bu täzelik 131 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan