«Pfizer» «COVID-19» sanjymynyň täsirliliginiň 95 göterime ýetendigini mälim etdi
«Pfizer» «COVID-19» sanjymynyň täsirliliginiň 95 göterime ýetendigini mälim etdi

«Pfizer» «COVID-19» sanjymynyň täsirliliginiň 95 göterime ýetendigini mälim etdi

20.11.2020
Bütindünýäde diýseň uly täsir galdyran «Pfizer»-iň «COVID-19» sanjymy barada täze maglumatlar gelmegini dowam etdirýär. Öň 90 göterim täsir edýändigi yglan edilen «COVID-19» sanjymynyň soňky maglumatlardan soň 95 göterim täsir edýändigi mälim edildi.

ABŞ-nyň «Pfizer» derman kärhanasy, Germaniýada ýerleşýän «BioNTech» kompaniýasy bilen iki sany türk lukmanynyň ýolbaşçylygynda döredilen synag «COVID-19»  sanjymy barada örän möhüm beýanlar berdi. Öň 90 göterim täsir edýändigi yglan edilen sanjymyň täze alnan netijelerine görä, täsir derejesi 95 göterime çenli ýokarlandy.

«Pfizer»  derman kärhanasy «BioNTech» kompaniýasy bilen «COVID-19» sanjymynyň töwekgelçilikli topar hasaplanýan 65 ýaşdan uly adamlarda 94 göterim täsir edendigini mälim etdi. Mundan başga-da, «Moderna» tarapyndan 30 güne çenli adaty sowadyjylarda saklanyp bilinýän «COVID-19»  sanjymynyň 94,5 göterim täsir edendigi mälim edildi. Sanjymyň bu aýratynlygy gaty möhüm hasaplanylýar, sebäbi sanjymlary saklamak üçin ýurtlaryň sowuk dükanlary ýeterlik däl bolup biler. «Pfizer»  derman kärhanasy «BioNTech» kompaniýasy bilen «COVID-19» sanjymy -70 derejede saklanmalydyr. Şol sebäpli «Moderna»  tarapyndan döredilen sanjymy has aňsat paýlap bolar dýip çaklanýar.

bu täzelik 3 gezek okaldy

Teswirler