Piramidanyň hakyky reňki anyklandy
Piramidanyň hakyky reňki anyklandy

Piramidanyň hakyky reňki anyklandy

11.07.2019 ý.
Müsürdäki piramidalaryň binagärlik aýratynlyklary gadymy döwürlerden bäri hünärmenleriň ünsüni çekýär. Golaýda Keops piramidasynda täze açyş edildi. Dünýäniň iň täsin binalarynyň biri hasaplanýan bu piramidanyň reňkiniň ilkibaşda reňkiniň ak bolandygy anyklady. 4 müň 500 ýyl ozal gurlan ymaratyň häzirki reňki sarymtyl. Taryhçy Bettani Hýuges piramidanyň reňkiniň ap-ak bolandygyny belleýär. Geçen ýyl piramidanyň içinde iki sany gizlin otagyň bardygy ýüze çykarylypdy. “ScanPyramids” atly ylmy-barlag topary piramidadaky boşluklardan biriniň demirgazyk tarapynda, beýlekisiniň demirgazyk-gündogaryndadygyny anyklapdy.
bu täzelik 14 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan