Siwas şäherinde türkmen filmi görkezildi
Siwas şäherinde türkmen filmi görkezildi

Siwas şäherinde türkmen filmi görkezildi

11.07.2019 ý.
Düýn, Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň çäginde Siwas şäherinde ýerleşýän Kongres binasynda türkmen filmi görkezildi. Kino muşdaklarynyň onlarçasy bu taryhy binada bir sagada golaý wagtyň dowamynda "At - myrat" atly çeper filme tomaşa etdiler.

Filmde Merdan atly oglanjygyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi, yhlasy beýan edilýär. Şol oglanjygyň we onuň seýis bolup işleýän atasynyň üsti bilen filmde türkmen halkynyň gamyşgulak bedewlere hormaty açylyp görkezilmäge çalşylypdyr.

Filmiň görkezilmeginden soň türkmenistanly myhmanlar taryhy bina aýlanyp gördüler. Mundan bir asyr ozal - 1919-njy ýylda taryhy wakalaryň bolup geçen binasy häzir muzeý hökmünde ulanylýar. Bu taryh Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk bilen baglydyr.



bu täzelik 71 gezek okaldy

Teswirler