Tagtabazarly daýhanlaryň zähmet ýeňşi
Tagtabazarly daýhanlaryň zähmet ýeňşi

Tagtabazarly daýhanlaryň zähmet ýeňşi

29.10.2019 ý.

    Tagtabazar etrabynyň zähmet pälwanlary döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny welaýatda ilkinjileriň hatarynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Şertnama berjaý edilende, etrabyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 13500 tonnadan geçirip gowaça hasylyny tabşyrdylar. Etrabyň gazanan zähmet üstünligine «Marçak», «Azatlyk», «Saryýazy» ýaly daýhan birleşikleriniň edermen pagtaçy kärendeçileri has-da saldamly goşant goşdular.
    Etrabyň zähmet ýeňşini gazanmagy mynasybetli ýörite baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler oba adamlarynyň döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş aýtdylar. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen dabarany bezediler.
    — Etrabymyzyň hasyl ussatlary ýylyň-ýylyna pagta ýygnamakda guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oba özgertmeleriniň esasynda şu ýyldan başlap, oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy etrabymyzyň zähmetkeşleriniň has-da öndürijilikli zähmet çekmegine ýol açdy. Gowaça gämikleri ýerden saýlanyp ugranyndan, olara agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etdiler. Hatarara bejergi, suw tutmak we goşmaça iýmitlendirmek işlerini öz wagtynda ýokary hilli geçirdiler. Bu hem özüniň oňyn netijesini berdi. Biz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, daýhanlaryň arasynda bolmak bilen, wagyz-nesihat işlerini alyp bardyk. Ýaryşlary guradyk, aýdym-sazly çykyşlar bilen daýhanlarymyzyň armasyny ýetirdik. Öňdebaryjy kärendeçilere, mehanizatorlara sowgatlary gowşurdyk. Altyn güýzde bolsa ähli güýjümizi pagta ýygymyna gönükdirdik. Entek gowaçaly meýdanlarda hasyl kän. Oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi, bagtyýarlyk zamanamyzda bolelin durmuşda agzybir ýaşamagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Tagtabazar etap birleşmesiniň başlygy Ýazdurdy Abdyrahmanow buýsanç bilen gürrüň berdi.


Çeşme: http://metbugat.gov.tm/
bu täzelik 7 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan