Türkmenistan bilen Russiýa köpugurly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Türkmenistan bilen Russiýa köpugurly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

Türkmenistan bilen Russiýa köpugurly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

13.08.2019
 
Duşenbe güni Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň arasynda duşuşyk boldy.

Türkmen Lideri we Russiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda hereket edýän ylalaşyklaryň uly üstünlik bilen durmuşa geçirilýändigini belläp, täze ugurlar, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Milli Liderimiz we Russiýanyň Premýer-ministri Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýet we ulag boýunça ygtyýarly edaralarynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň, şol sanda Türkmen-Astrahan telekeçilik Geňeşiniň birinji duşuşygynyň önjeýli häsiýetini bellediler.

Gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda ýangyç we energiýa pudagy, gämi gurluşygy, awtoulag senagaty, Hazar deňzinde ýük gatnawlary, oba hojalygy, şol sanda azyk önümleriniň Russiýanyň bazarlaryna eksport edilmegi görkezildi.

Türkmen Lideri we Russiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy energiýa üpjünçiligi boýunça global howpsuzlyk, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň kämilleşdirilmegi we daşky gurşaw meselelerini çözmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Döwlet Baştutanymyz we Russiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň dowamly ösdürilýändigine ynam bildirdiler we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özara bähbitli boljagyny ýene bir gezek tassykladylar. 

bu täzelik 69 gezek okaldy

Teswirler