Türkmenistanda çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär
Türkmenistanda çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär

Türkmenistanda çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär

09.09.2019 ý.
Mihael Gerstlauer: «Türkmenistanda çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär»

Aşgabatda geçirilen Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynda GFR-iň Augsburg şäher hassahanasynyň çagalar we ýetginjekler klinikasynyň çaga pulmonologiýa we allergologiýa bölüminiň müdiri Mihael Gestrlauer türkmen metbugatyna şeýle gürrüň berdi:

— Şu saparky forumyň gün tertibine, esasan, çaga keselleri bilen baglanyşykly meseleleriň girizilmegi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Sebäbi jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmegiň esasy çagalaryň saglygyndan gözbaş alýar. Şu gün deri arkaly miofassiotomiýa, pes agramda doglan bäbekleri iýmitlendirmegiň meseleleri, çagalarda demgysmanyň anyklanylyşy, süýjüli diabetli çagalary idetmegiň tejribesi, çagalarda diabetiň birinji görnüşi, çaga rewmatologiýasynyň wajyp meseleleri ýaly temalarda çykyşlar edildi we özara piker alşyldy. Gazanylan tejribeleriň üstünde durlup geçildi. Bu, elbetde, geljekde öz netijesini has aýdyň ýüze çykarar. Çünki Türkmenistanda halkyň, esasan-da, çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär.

Munda jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň uludygyny bilýäris. Şeýle tagallalaryň netijesinde, häzirki döwürde lukmançylykpudagynda türkmen-german gatnaşyklary has-da berkedi we onuň gelejeginiň uly boljakdygyna ynanýaryn. Hökümetara düzümleriň, aýry-aýry pudaklaýyndolandyryş edaralarynyň hem-de hünärmenleriň derejesinde lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň wajyp meselelerini çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegiTürkmenistan üçin-de, Germaniýa üçin-de bilelikdäki ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkarahyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi biziň üçin hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde türkmen-german hyzmatdaşlygynytäze derejä çykarmagyň netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Ol geljekde özara gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge hem mümkinçilik berer. Şeýle çäreleriňyzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynda täze sepgitlere ýetmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy gelejekde-de ösdürmäge düýpli goldaw berer.

Çeşme:  https://turkmenportal.com
bu täzelik 7 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan