Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatla
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatla

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatla

29.06.2019 ý.
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan ykdysady hem-de durmuş ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, sebit we halkara işlerinde möhüm orun eýeleýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Siziň şahsy goşandyňyz örän uludyr.

Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine biziň gatnaşyklarymyzy we bilelikdäki ysnyşykly işimizi dowam etmäge taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we döwlet işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär, iki ýurduň arasyndaky syýasy ynanyşmak ýagdaýy pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde ajaýyp netijeler gazanyldy, däp bolan dostlukly gatnaşyklar berkidilýär.

Men Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärin. «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Siziň bilen bilelikde ähli tagallalary etmäge hem-de Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ähli işleriňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Halkymyň adyndan we hut öz adymdan doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyz netijesinde Türkmenistan bilen asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gatnaşyklarymyzyň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykandygyny uly kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin.

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagt we uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ýollamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin.

Meniň mähirli salamymy, ýürekdeş dostlugymy hem-de hormat-sarpamy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Halifa Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ýurduň bähbitlerine wepaly hyzmat etmek, ýokary hünär derejesi hem-de döwleti dolandyrmagyň baý tejribesi Size Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda uly hormat-sarpa we abraý getirdi.

Gazagystanda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň dostlukly we özara ynanyşmak häsiýetine ýokary baha berýärler. Munuň özi köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz bilen Nur-Sultanyň hem-de Aşgabadyň arasynda iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Häzirki döwürde Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda okgunly ösýän Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik gurluşygy ulgamynda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýar, durnukly durmuş-ykdysady ösüşe gönükdirilen netijeli ugur amala aşyrylýar, iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar.

Bu gazanylan üstünlikleriň ählisi Siziň öňdengörüjilikli hem-de çuňňur oýlanyşykly syýasatyňyzyň netijesidir, ýurduň we doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine wepaly hem-de tutanýerli zähmetiň miweleridir.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, biziň aramyzda emele gelen açyk, hoşniýetli hem-de birek-birege ynanmaga esaslanýan şahsy gatnaşyklarymyza aýratyn sarpa goýýaryn.

Biziň netijeli duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol duşuşyklarymyz özbek-türkmen dostluk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek, hoşniýetli hem-de strategik hyzmatdaşlyk, köpugurly gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly esasy döretmäge mümkinçilik berdi.

Bilelikdäki tagallalaryň hem-de berk syýasy erk-islegiň netijesinde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagt, döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Täjigistany we Türkmenistany asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Pursatdan peýdalanyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan täjik-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň özara düşünişmek, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baý durmuş we iş tejribäňiz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirilen tagallalaryňyzyň üstünlikli amala aşmagyna ýardam edýär.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen gyrgyz-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan Garaşsyzlygyny hem-de halkara giňişlikde abraýyny pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam edýär.

Dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan belarus-türkmen gatnaşyklarynyň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň köpýyllyk tagallalaryňyz, işjeň döwlet işiňiz hem-de belent abraýyňyz Türkmenistanyň durnukly ösmegine ýardam edýär.

Ermenistan bilen Türkmenistanyň halklarynyň köpasyrlyk dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde döwletlerimiziň netijeli hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly esas bolup durýandygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýany we Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge Siziň uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Siziň yzygiderli üns bermegiňiz netijesinde, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar, energetika, senagat, düzümleýin, ylym we medeniýet ulgamlarynda bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär, sebitara hem-de işewür gatnaşyklar giňeldilýär.

Iş ýüzünde ýakynlaşmagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, dürli ulgamlarda geljegi uly başlangyçlaryň ilerledilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Siziň bilen bolan duşuşyklary, şol sanda 2019-njy ýylyň maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň barşynda bolan duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biziň özara ynanyşmak hem-de netijeli gatnaşyklarymyzy dowam etdirmäge şatdyryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň birek-birege hormat goýmak we dostluk däpleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde eýýäm ýakyn geljekde bize bu ugurda oňyn netijeleri gazanmagyň başartjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de Size we Siziň ýakynlaryňyzyň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ýollamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Meniň mähirli salamymy, ýürekdeş dostlugymy hem-de hormat-sarpamy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed Bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, 
Dubaýyň Premýer-ministri, häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ýollamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Meniň mähirli salamymy, ýürekdeş dostlugymy hem-de hormat-sarpamy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent 
Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Size, ajaýyp döwlet we syýasy işgärine berk jan saglyk, bagt, parahatçylyk, rowaçlyk hem-de asylly işiňizde täze üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.

D.A.KOBISKIÝ,
GDA agza döwletleriň Parlamentara 
Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Türkmenistanyň rowaçlygynyň, halkyňyzyň abadançylygynyň we ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine edýän tagallalaryňyz hem-de ýadawsyz zähmetiňiz deňsiz-taýsyzdyr.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň derejesiniň strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklaryň berkdigini we çuňňurdygyny tassyklaýandygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň şatlygyňyzy paýlaşmak bilen, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bolelinlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.



Çeşme:
tdh.gov.tm

bu täzelik 76 gezek okaldy

Teswirler