Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 50%-den geçdi
Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 50%-den geçdi

Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 50%-den geçdi

19.11.2020
2020-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53 göterim ýokarlandy diýip, TREND habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Polşanyň eksportynda gurluşyk materiallarynda, himiýa önümlerinde, oba hojalygynda we azyk önümlerinde, çüýşeleri, bankalary we beýleki iýmit gaplaryny möhürlemek üçin ulanylýan enjamlarda ep-esli ösüş gazanyldy. Munuň öwezine Türkmenistanyň Polşa dokma senagatynyň önümlerini, esasan, rulon we pagta matalaryny eksport edýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, COVID-19 pandemiýasynyň Polşa-Türkmen söwda gatnaşyklaryna täsir etmeýändigi nygtalýar. Umuman aýdanyňda, Türkmenistanyň şübhesiz özüne çekiji ýurtdygy we geografiki ýerleşişiniň birnäçe mümkinçilik döredýändigi aýdylýa
bu täzelik 4 gezek okaldy

Teswirler