Türkmenistan futbol boýunça saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy
Türkmenistan futbol boýunça saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy

Türkmenistan futbol boýunça saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy

19.11.2019
Şu gün – 19-njy noýabrda, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty-2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen futbolçylary 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.

Dünýä çempionaty-2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň birinji ýarymynyň ahyrynda, has dogrusy, ýygyndylaryň arakesmä çykmazynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz hasaby açdylar.

«Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşygyň 44-nji minutynda Abdy Bäşimowyň tora salan pökgisi Türkmenistanyň ýygyndysyna nobatdaky 3 utugy gazanmaga aýgytly ädim boldy. Ikinji ýarymyň başynda, ýagny 59-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew hasaby 2:0-a ýetirdi.

Oýnuň ahyryna çenli türkmen futbolçylary artykmaçlyk gazananam bolsalar, şondan soňra hasap üýtgemdi. Şeýlelikde, Türkmenistan saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy. Bu barada Futbol Federasiýasy habar berýär.

Çeşme: https://turkmenportal.com
bu täzelik 100 gezek okaldy

Teswirler

@geldimyrat 2 aý öň
dine one turkmen sporty