«Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler
«Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler

«Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler

20.11.2020
Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 19-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

bu täzelik 2 gezek okaldy

Teswirler