UNFPA-dan täze enjamlar gelip gowuşdy
UNFPA-dan täze enjamlar gelip gowuşdy

UNFPA-dan täze enjamlar gelip gowuşdy

19.11.2020
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagyndaky enelik saglygy bölümlerine BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasyndan täze enjamlar gelip gowuşdy. Bu barada guramanyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berilýär. Habarda bu enjamlaryň guramanyň ministrlik bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýeleşdirilmeginde satyn alnanlygy bellenilýär. ⁠ UNFPA enelik we perinatal saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýurt derejesinde belli bir standarta çykarylmagynda we utgaşdyrylmagynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine yzygiderli goldaw berýär. Şunuň bilen, Türkmenistanyň ähli künjegindäki zenanlaryň yzygiderli we deň derejede ýokary hilli saglyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegine goşant goşýar
bu täzelik 6 gezek okaldy

Teswirler