Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlandy
Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlandy

Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlandy

12.06.2019 ý.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýäris. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.

Ýaşlar biziň geljegimizdir. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tagallasy ýaş nesilleriň ylmy döredijilik başarnyklaryny giňden goldap, has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine gönükdirilmelidir.

Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwletimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň çäginde hünärlerini kämilleşdirmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.

Hormatly ýaş alymlar!

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işleri geçirýäris. Ilkinji nobatda, ylmy we döredijilik başlangyçlaryny, zehinlerini, tagallalaryny berkarar döwletimiziň bähbitlerine gönükdirjek ýaşlarymyz üçin ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini, ylmy-barlag edaralaryny we ýokary okuw mekdeplerini dörederis.

Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine biz aýratyn buýsanýarys.

Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary eder.

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ylmy hem-de döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Çeşme:
http://tdh.gov.tm


bu täzelik 63 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan