Güýmenje
Käte obada ýaşaýanyma begenýän. Şäherde bolan bolsam gaýry aladalaram, olara bolan çäresizlik hem köpelerdi.
adam name ucin shaherde yashamak isleyar bilyanmi? adam beynisi monoton durmushda yashamak islemeyar, dine uytgeshiklikler bolmagyny isleyar. meselem obada bolsan kan uytgeshiklik edip bolanok yada mumkincilik yok emma shaherde hacan name boljagy belli dal bolany ucin monoton durmush az bolyar. beynin adama beryan islegi "shaherde yashamak" dal-de mydama uytgeshiklik bolup durmasy. Kawagt sho aladalary hem gormek isleyan
Şäherlileň oba ymtylýany az dälle, belki şol başagaý durmuşdan ýadap, rahatlyk isleýäni üçin obada ýaşasam diýen hyýalam döreýär. Galyberse de öz pofigizmiňe bagly aladaly durmuşy ýitirmek ýa döretmek, islendik ýerde oba ýa şäher bolsun, gözüňi giňräk açyp beýniň işjeňligi artdygyça problemler giňäp köpelip ugrar öz özünden @rosso,
Haýsysynyň gowudygyny bilesiňiz gelýän bolsa, ilki şäherde hem 3-4 ýyljyk ýaşap görüň. Şäher hakynda iliň aýdýanyny, tw-de aýdylýanlar we ş. m. ynanmak bolmaýar. Diňe özüň göz ýetirmeli.
Haýsysynyň gowudygyny men aýdyp biljek, ýöne meniň pikirim hem siziň üçin iliň pikiri bolýar. Şonuň üçin aýtmagym gerek däl.
obasy shaheri yokda esasy zat hovly jay bolsunla)) atazhda yashasana dalireyan. yone men obada yashamson agyr degen bolmagam ahmal
Ýönekeý mysal, şäherde ýaşaýan islendigiňiz aýdaýyň, domuňyzda näçe goňşyňyzy tanaýaňyz, şolaryň näçesi bilen gatnaşýaňyz? Diýjegim, şäher ýerde, jemgyýetçilik gatnaşyklary pes. Ýa-da adamlaryň adama bolan sylagy pes derejede, belki muňa gelmişek adamlar hem belli bir detejede esas berýändir, mysal üçin köpüsi göfeklik babatda öz öýünde edip bişmejegini, daşarda artykmajy bilen edäýýär. Ýöne umumy sylaşyk babatda hemem rahat durmuş babatda pba amatlyrak ýaly. Ýöne komfort durmuş, ösen dünýä, ýagty geljek göreýin diýseň şähere söz ýok. Ýöne obada ýaşa, şäherde ýaşa sen hökman belli bir derejede öz durmuşyňda çäklendirmelere duçar bolýaň, wajyp zady haýsy çäklenditmeler seň dutmuşyňda uly ýitgä sezewar edýändigindedir.
Ýaşyrak bolýaň :)
@Tokmak, şäher mydam oba garanda bir dereje beýikdedir :)
@Samira, nämä esaslanyp ýaş kesgitleýäň?
@Samira, beyikmi? saher obadan 1 dereje beyik diymegine dushunmedim, hany biraz ac sozlemi.
@rosso, ýaşaýyş, düşewünt, ylym-bilim, terbiýe
@Samira, dogry aýdýaňyz