Kristallografiýa we mineralogiýa

  • Görnüşi

    Kitap
  • Bölümi

    Gurluşyk we binägärlik
  • Ýazylan wagty

    01.01.2010
  • Görülen sany

    170
  • Göwrümi

    12.79 MB
  • Formaty

    PDF
ýükle

Ylmy maglumat barada

Kristallar tebigatda gaty giňden ýaýrandyrlar, ýagny biziň planetamyzyň iň üstki gatlagy bolan ýer gabygyny düzýän dürli dag jynslary minerallar, ýönekeý we çylşyrymly himiki birleşmeler kristallik jisimlerden durýandyrlar. Kristallar hemişe gaty we köpgranlyk görnüşinde, hem-de belli bir kanunalaýyk içki gurluşlary bilen tapawutlanýarlar. Olar tebigatda gaz we suwuk halda duş gelmeýärler. Şeýle hem ýer gabygynyň dürli çuň gatlaklarynda termodinamiki şertleriň, ýagny basyşyň, gyzgynlygyň we beýleki birnäçe kristal emele geliş prosesleriň üýtgäp durýanlygy sebäpli köplenç halatlarda kristallar dürli agregat görnüşinde duş gelýärler. Şeýlelikde kristal diýilip himiki birleşmeleri ýa-da arassa sap elementleri düzýän elementar bölejikleriň, ýagny (atomlaryň, ionlaryň, molekulalaryň) kanunalaýyk tertipli ýerleşen gaty we köpgranly giňişlik gözeneklerine aýdylýar.

Teswirler