Düzgünnama

Aşakdaky ýazylan düzgünnamalar agzalaryň ählisi üçin deň-derejede hereket edýär. Düzgünnamanyň dürli bendinde agzalyp geçilen şertlere laýyklykda düzgüni bozan agzalara berlen duýduryşlar bentleriň nomer belgileri boýunça görkezme berlip bilner.

  • Saýtda dürli goşmaçalardan we ýeňilliklerden peýdalanmak we käbir maglumatlary özüňe ýüklemek, bal ulgamy boýunça hereket edýär, her bir agzanyň öz şahsy profili bilen bilelikde onuň baly hem bolýar. Bal barada goşmaça maglumatlary almak üçin “Habarlaşmak” bölüminden peýdalanyň.
  • Saýta registrasiýa bolan her bir agza dürli bölümlerde öz şahsy pikirlerni ýa-da özüniň ýollan maglumatlaryny paýlaşmaga mümkinçiligi bar. Agzalar tarapyndan iberilýän dürli maglumatlara we pikirlere agzanyň özi jogapkärçilik çekýär. Saýtda paýyş sözler, agzalara bolan hukugy kemsidiji hereketler, dini ýazgarma, milletparazlyk, rugsat edilmedik ýerde bildirişler, gipersalgylanmalar, spamlar ýa-da saýtyň sazlaşykly hereketine zyýan ýetirip biljek hereketleri, düzgünleri bozan halatynda administrator tarapyndan dürli derejedäki duýduryşlar ýa-da banlama hereketleri berlip bilner.
  • “alemjahan.net” internet portalymyzyň administrator topary, agzalarymyz bilen ýakyn arabaglanşykda bolýar, olaryň iberýän maglumatlaryna we pikirlerine hormat goýýar, agzalar tarapyndan “Älem-Jahan” portalymyzyň kämilleşmegine itergi berýän agzalarymyza aýratyn hormat hökmünde, administrator topary tarapyndan degişli sylaglara we bal görnüşindäki baýraklara mynasyp bolup bilerler.
  • Älem-jahan internet portalymyzda agzalar tarapyndan ýerleşdirilýän keseki gipersalgylanmalar saýtyň administratorunyň jogapkärçiliginden daşary ýagdaýda bolup geçýär. Keseki salgylanma ugrukdyrylan agza özüniň doly razylygy boýunça amala aşyrýar.
  • Agzalar tarapyndan saýta iberilýän maglumatlaryň çeşmesiniň bolmagy hökmanydyr, eger çeşme görkezilmedik bolsa, maglumaty iberen agzanyň özi şol maglumatyň çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Iberilen maglumatlar degişli barlaglardan geçirilenden soň internet saýtymyza ýerleşdiriler. Agza tarapyndan iberilen maglumatlar ýerleşdirilmedik ýagdaýynda, onuň sebäpleri administrator tarapyndan düşündiriler.
  • Saýtyň administratory “alemjahan.net” internet saýtyna goşulan we ýazylan ähli maglumatlary üýtgetmäge, pozmaga, olara degişli düzedişleri bermäge, aýratyn agzalar üçin çäklendirmelere ýa-da goşmaça ýeňillikleri döretmäge hukuklydyr.
  • Agza, “alemjahan.net” internet saýtymyzdaky ýerleşdirilen maglumatlary dolulygyna ýa-da bölekleýin göçüren ýagdaýynda oňa hökmany “alemjahan.net” saýtyny çeşme görnüşinde görkezmäge borçlanýar.
  • Internet saýtymyza her bir goşulan agza, ýokarda agzalyp geçilen düzgünnamalara onuň razylyk berýändigini görkezýär.

“alemjahan.net” – internet sahypasy bilen baglanyşykly bolan ähli soraglar üçin “Habarlaşmak” bölüminden peýdalanyň.

“alemjahan.net” internet sahypasynyň administratory.